Türkmen Ýaşlaryna Wengriýada Bilim Almak Mümkinçiligi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2018-2019-njy okuw ýyly üçin Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim we magistratura üçin saýlaw işlerini geçirýändigi barada bildiriş çap etdi. Türkmenistanyň resmi gazetlerinde çap edilen bildirişe görä, ýaşy 35-den geçmedik we 2017-2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan, degişli daşary ýurt dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglaryna [...]