Türkmenistanyň Merkezi banky pul serişdelerini netijeli düzgünleşdirmek maksady bilen, fiziki şahslaryň Western Union, VISA we MasterCard-larynyň üsti bilen konwertirlemekleri üçin täze tertipnamany kesgitledi. Bu tertipnama ýurdumyzyň raýatlarynyň okuw we daşary ýurtlarda bejergi almak üçin tölegleri geçirmekligi ýönekeýleşdirýär.
– Okuw üçin nagt däl görnüşde nähili hasaplaşmaly?
Gerekli resminamalar: Okuw barada güwänama.
1-nji usul: Okuw üçin edaranyň hasabyna 12 000 dollara çenli nagt däl görnüşde bir gezekde ähli tölegi geçirmek mümkin.
2-nji usul: VISA we MasterCard kartlaryna her aýda 1000 dollardan artyk bolmadyk möçberde serişde geçirip bolýar. Ýylda 12 000 dollardan geçmeli däl.
Iki usul üçin hem serişdeleriň gelip çykyşyny görkezmek hökmany däl.
– Western Union-nyň üsti bilen okuw üçin nähili töleg etmeli?
Gerekli resminamalar: Okuw barada güwanama.
Western Union-nyň üsti bilen okuw üçin tölegi 500 dollara çenli möçberde ugratmak mümkin.
Eger-de käbir sebäplere görä, 500 dollardan köp ugratmaly bolsa, onda ugradyjy ugradylýan pul möçberiniň üstüni olaryň gelip çykyşyny görkezip, öz walýuta serişdeleriniň üsti bilen dolduryp biler.
Mysal üçin, 800 dollar ugratmaly. Bank 500 dollara çenli konwertasiýa edýär, galan 300 dollary ugradyjy öz serişdeleri bilen walýutada ýetirýär.
Munda serişdeleriň gelip çykyşyny görkezmek hökmanydyr.
– Daşary ýurtlarda bejergä nähili töleg etmeli?
Gerekli resminamalar: Türkmenistanyň çäklerinden daşynda saglyk barlagdan geçmegiň we bejergi almagyň zerurlygy hakynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň karary.
1-nji usul: Bejergi üçin edaranyň hasabyna 20 000 dollara çenli nagt däl görnüşde bir gezekde ähli tölegi geçirmek mümkin. Bu ýagdaýda serişdeleriň gelip çykyşyny görkezmek zerur däl.
2-nji usul: VISA we MasterCard kartlaryna her aýda 1000 dollardan artyk bolmadyk möçberde serişde geçirip bolýar. Ýylda 12 000 dollardan geçmeli däl.
Iki usul üçin hem serişdeleriň gelip çykyşyny görkezmek zerur däl.
– Western Union-nyň üsti bilen daşary ýurtlarda okuw üçin nähili töleg etmeli?
Gerekli resminamalar: Türkmenistanyň çäklerinden daşynda saglyk barlagdan geçmegiň we bejergi almagyň zerurlygy hakynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň karary.
Ugratmagyň aňry çägi: 500 dollar.
Eger-de käbir sebäplere görä, 500 dollardan köp ugratmaly bolsa, onda ugradyjy ugradylýan pul möçberiniň üstüni olaryň gelip çykyşyny görkezip, öz walýuta serişdeleriniň üsti bilen dolduryp biler.
Mysal üçin, 800 dollar ugratmaly. Bank 500 dollara çenli konwertasiýa edýär, galan 300 dollary ugradyjy öz serişdeleri bilen walýutada ýetirýär.
Munda serişdeleriň gelip çykyşyny görkezmek hökmanydyr.
– Okuw hem-de daşary ýurtda bejergi almakdan başga ýagdaýda VISA we MasterCard kartlarynda hasabyňy nähili doldurmaly?
VISA we MasterCard kartlary boýunça hasabyňy doldurmagyň möçberi her aýda 500 dollara deňdir.
Hiç hili esaslandyrmasyz Western Union boýunça serişdeleri ugratmak mümkin däldir.
çeşme: Türkmenportal
Siz de fikrinizi belirtin