Köne pasportly raýatlaryň dykgatyna.

Köne pasport bilen Türkiýe döwletinde wagtlaýyn ýaşaýyş rugsatnamasy (oturma izni – ikamet) alýarys diýen adamlar size elbetde rugsatnama(oturma izni) alyp berer, emma onuň nähili ýagdaýda kabul edilýändigini bilýän bolsaňyz belki hem biderek pul berip almarsyňyz.

Aslynda sizi “SIĞINMACI” hökmünde görkezip “Oturma izni – İkamet ” alyp berýärler. Bu ýagdaýda “Sığınmacı” şeýle diýmek bolýar: Watanyňyzda size garşy bir howp bar we siz ondan gaçyp sygynýarsyňyz. Bu şertler bilen Türkiýede ýaşap ýurduňyza dolanyp baran halatyňyzda size hem-de maşgalaňyza kyn ýagdaýlar garaşýan bolup biler.

Köne pasporty bolan adamlaryň ýa ýurdyna dolanyp zagran pasporty alyp gelmeleri ýa-da kanunlaryň üýtgemegine garaşmagy oňaýly bolar.